Hristofor Kolumbyň (1451-1506) ispan patyşasynyň gaznaçysy Gabriel Sançese eden geografiki açyşy barada habar berýän haty onlaýn auksionda satylar. Taryhy resminamanyň Christie's auksion öýüniň web sahypasyndaky bahasy 1-1,5 million dollar. Hatyň latyn diline terjimesiniň aman galan onlarça nusgasynyň biri satuwa çykaryldy, şol hatyň mazmuny esasynda Ýewropada “Hindistanda diýseň sada we jomart” aborigenler bilen ilatlaşan “köp sanly adanyň” tapylandygy barada bilipdirler, olar soňra Bagama, Gaiti we Kuba bolup çykypdyr. Hatyň ispan dilindäki asyl golýazmasy nusgasy saklanyp galmandyr, ýöne 1493-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda çap edilen ilkinji nusgalar häzirki wagtda Nýu-Ýork jemgyýetçilik kitaphanasynyň we Milanyň Ambrozian kitaphanasynyň ýygyndylarynda saklanýar. Auksion öýüniň belleýşi ýaly, auksiona çykarylan resminama häzirki wagtda toplaýjylara elýeterli bolan hatyň iň irki terjime edilen görnüşidir. 100 ýyl töweregi wagt bäri ol Şweýsariýanyň hususy kolleksiýasynda saklanýar. Esasy bölegi meşhur hat boljak Christie's onlaýn auksiony 5-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda geçiriler.