«Xiaomi» «13T» we «13T Pro» atly iki sany täze flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu barada «The Verge» habar berýär. «Xiaomi-niň» öňki flagmanlary ýaly, «13T» we «13T Pro» hem «Leica» brendiniň kamera ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Smartfonlarda 1/1,28 dýuým sensorly 50 megapikselli esasy kamera, 50 megapikselli teleobýektiw we 12 megapiksel durulykly ultra giň burçly linza ornaşdyryldy. Frontal kamerasy bolsa 20 MP durulykdadyr. «Xiaomi 13T Pro-nyň» içinde «MediaTek Dimensity 9200 Plus» prosessory, «13T-de» bolsa «Dimensity 8200-Ultra prosessory oturdyldy. Ikisinde-de 5000 mAs sygymly batareýa bar, «13T Pro» 120W çenli kuwwatly çalt zarýad beriji bilen zarýad berip bolýar. «13T» modeliniň iň ýokary zarýad güýji bolsa 67 Wt-dyr. Iki telefonda-da 144Hz-a çenli täzeleniş tizligi, iň ýokary ýagtylygy 2600 nit we 2712-ä 1220 piksel durulygy bolan 6,67 dýuýmlyk displeý bar. Iki telefon hem IP68 standarty boýunça suwdan we tozandan goraglydyr. «Xiaomi 13T Pro» 12 GB operatiw ýatly we 256 GB goşmaça ýatly, 12 GB operatiw ýatly we 512 GB goşmaça ýatly, şeýle hem 16 GB operatiw ýatly we 1 TB goşmaça ýatly nusgalarda elýeterlidir. «Xiaomi 13T» bolsa 8 ýa-da 12 GB operatiw ýat, 256 GB goşmaça ýat bilen hödürlenýär. «Xiaomi 13T Pro-nyň» bahasy 790 dollardan, «Xiaomi 13T-nyňky» bolsa 669 dollardan başlaýar. Enjamlar eýýäm Europeewropada we Beýik Britaniýada satyn almak üçin elýeterlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir