ABŞ-nyň Harby howa güýçleri Amerikanyň «Joby Aviation Inc.» kompaniýasyndan ilkinji aerotaksiniň nusgasyny aldy diýip, TASS habar berýär. «Joby» ýakynda ABŞ-nyň Harby howa güýçleriniň Edwards bazasyna ilkinji aerotaksiniň nusgasyny gowşurdy» diýip, kompaniýada habar berdiler. Enjamlar ABŞ-nyň Harby howa güýçleri bilen şertnama esasynda bazanyň ýerleşýän Kaliforniýa ştatyna eýýäm getirildi. Şertnamanyň bahasy 130 million dollardan gowrakdyr. Kompaniýa ABŞ-nyň Harby howa güýçlerine we federal agentliklerine 10-a çenli aerotaksini ibermegi öz üstüne alýar. Täze model bir uçarman we dört ýolagçy üçin niýetlenendir, ol 454 kg çenli ýük göterip biler. Aerotaksi sagatda 322 km tizlige çenli ýetip biler. ABŞ-nyň Harby howa güýçleri şeýle tehnologiýalary ösdürmäge gyzyklanma bildirdi, sebäbi elektrik hereketlendirijileri bilen işleýän uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek has aňsat. Mysal üçin, harbylar aerotaksileri Ýuwaş ummanynda gysga aralyklara şahsy düzümi we ýükleri daşamak üçin ulanyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir