Ýaponiýanyň Ispace kompaniýasy ABŞ-da Series 2 diýlip atlandyrylan enjamyň öňki wersiýasynyň deregine operator tarapyndan ulanyljak Apex 1.0 Aýa gonuş modulyny hödürledi. Apex 1.0 gysga traýektoriýa boýunça Aýa uçuş üçin niýetlenýär we onuň 300 kg çenli ýük daşamak mümkinçiligi bar. Ol ilkinji Ispace Series 1 gonuş modulyndan on esse güýçlüdir diýip, 3dnews.ru belleýär. Apex 1.0 Dreýper Barlaghanasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryljak Ispace-iň üçünji missiýasynyň çäklerinde uçurylar. Bu missiýa Aýyň arka tarapyna peýdaly ýüki eltmegi göz öňünde tutýar. Sargyt ediji hökmünde NASA çykyş edýär, şertnamanyň bahasy bolsa 73 mln dollara barabar. Missiýanyň uçurylyşyny Series 2-den Apex 1.0-a geçiş sebäpli 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürmeli boldy diýip, Ispace belleýär. Ispace bilen Dreýper Barlaghanasynyň Team Draper atly bilelikdäki taslamasy NASA-nyň Commercial Lunar Payload Services (CLPS) maksatnamasynyň çäklerinde şertnama alan birnäçe taslamalaryň biridir. NASA ugurdaşlykda Firefly Aerospace, Intuitive Machines we Astrobotic bilen işleşýär – taslamalaryň her biri düşürilýän täjirçilik enjamyny Aýa ilkinji bolup gondurmak üçin dalaş edýär. Apex 1.0 enjamy HAKUTO-R missiýasynyň çäklerinde asuda gonup bilmän, geçen aprel aýynda Aýyň üstünde döwlen ilkinji Ispace Series 1 gonuş modulyndan on esse güýçlüdir.