Culture Crave insaýderi “Twitterde” “Marweller” (“The Marvels”) filminiň hronometražyny aýan etdi. Filmiň dowamlylygy bary-ýogy 1 sagat 45 minut bolar. Bu barada championat.com belleýär. Bu film Marvel kinoäleminiň taryhynda iň gysga film bolar. “Marweller” 2023-nji ýylda Marvel-iň iň soňky filmi bolar: mundan öň kompaniýa “Garynja adam 3” we “Galaktikanyň sakçylary 3” kartinalaryny çykardy. Lentanyň režissýory hökmünde Nia DaKosta (“Kendimen”) çykyş etdi. Belläp geçsek, bu film Kapitan Marweliň, Miss Marweliň we Monika Rambonyň duşuşygy barada gürrüň berer. Gahrymanlar umumy duşman bilen çaknyşyp, oňa gaýtawul bererler. Filmiň özi kinoäleminiň möhüm bölegi bolup, hem Monikany, hem Miss Marweli has gowy açyp görkezmeli. “Marwelleriň” premýerasy şu ýylyň 10-njy noýabrynda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir