Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Köpetdag etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün edip bilerler. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşyp bilerler. Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 92-21-37; 92-71-82.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir