Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde halkara ýaşlar parlamentarizmi ulgamynda alnyp barylmaly işlerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisinde ýurtda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler, ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky orny, ýaşlar babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Parlamentara Bileleşigi (IPU), Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasy, GDA-nyň Parlament Assambleýasy we beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy hem-de ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary bilen alnyp barylýan işler barada bellenilip geçildi. Ýaş parlamentariler toparynyň esasy maksady Türkmenistanyň Mejlisinde ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek üçin şertleriň döredilmegine, ýurduň ýaş raýatlarynda hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň ösdürilmegine ýardam etmek hem-de Türkmenistanda ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bolup durýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir