Türkiýe Respublikasy Türkmenistanda täze ilçisini belledi. Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly täze ilçisi wezipesine bellenildi diýip, «Anadolu» habarlar gullugy Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidanyň sözlerine salgylanyp habar berdi. Täze ilçi Türkiýäniň häzirki Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň ýurtdaky diplomatik işiniň ýakyn wagtda tamamlanmagy sebäpli wezipä bellenildi. Togan Oral 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda diplomatik wezipesine girişdi. Maglumat üçin ýatlatsak, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellenen Ahmet Demirok 1970-nji ýylyň 21-nji awgustynda Konýanyň Kulu etrabynda dünýä indi. Başlangyç we orta mekdep bilimini Kuluda tamamlady. Ol Ýakyn Gündogar Tehniki uniwersitetininiň ykdysadyýet we dolandyryş ylymlary fakultetiniň döwlet dolandyryş bölümini tamamlady. Aspiranturany London uniwersitetiniň jemgyýetçilik diplomatiýasy ugry boýunça okady. 1993-nji ýylda Daşary işler ministrliginde kandidat hünärmeni bolup işe başlan Demirok 1997 – 1999-njy ýyllar aralygynda Komotini şäherindäki Baş konsullykda baş konsulyň orunbasary, 1999 – 2002-nji ýyllar aralygynda Kanberradaky ilçihanada üçünji we ikinji sekretar bolup işledi. 2002 – 2006-njy ýyllar aralygynda Bratislawadaky ilçihanada merkezi ofiser wezipesini ýerine ýetirdi. 2006 – 2008-nji ýyllar aralygynda Türkiýäniň Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynda ýerleşýän Türkiýäniň hemişelik wekilhanasynda baş sekretar, geňeşçi wezipelerinde, 2008 – 2010-njy ýyllar aralygynda ministriň ýörite geňeşçisi bolup işledi. 2010 – 2013-nji ýyllar aralygynda Londonda Baş konsul bolup işlän Demirok, 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2017-nji ýylyň 28-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Dohadaky ilçisi boldy. 2017-nji ýylyň 20-nji iýunynda Ministrler Geňeşiniň karary bilen Döwlet işgärleri üçin etika komitetiniň agzasy wezipesine bellendi we bu wezipede dört ýyl işledi. 2021-nji ýylyň 15-nji awgustyna çenli ol Türkiýe Respublikasynyň Asmaradaky ilçisi wezipesini ýerine ýetirdi.