Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Kanun esasynda, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi hem-de medal hakynda Düzgünnama, şeýle hem medalyň Ýazgysy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Kanunda «Arkadag» medalynyň, Türkmenistanyň döwlet sylagy bolmak bilen, durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi bellenilýär.