Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda», «Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Kanunlar metbugatda dolulygyna çap ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir