Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilleri Tatarstanyň paýtagty Kazanda geçirilen Owganystan boýunça Moskwa formatynyň 5-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň HBS-ine salgylanyp, Orient habar berýär. Mejlise Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Katardan, Gyrgyzystandan, HHR-den, BAE-den, Pakistandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Özbegistandan, Saud Arabystanyndan we Hytaýdan ýörite wekiller gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Kabuly inklýuziw hökümeti emele getirmäge çagyrdylar. Owgan tarapyna ýurduň DIM-niň başlygy Amir Han Mottaki wekilçilik etdi. Ol “häzirki wagtda, Owganystanda howpsuzlygyň dikeldilen wagty ykdysady gatnaşyklar bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmegiň wagtynyň gelendigini” belläp, Kabulyň sebitleýin gatnaşyklar üçin ähli mümkinçilikleri bermäge taýýardygyny aýtdy. “Biz kontrabandaçylaryň we beýleki destruktiw adamlaryň hereketiniň öňüni almak üçin goňşy ýurtlar bilen serhetýaka hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy tassyklaýarys. Bu howplara garşy durmak üçin biz uly tagallalary sarp etdik hem-de neşe serişdeleriniň ösdürilip ýetişdirilmegini we dolanyşygyny nola getirmek üçin göreşdik” – diýip, Amir Han Mottaki belledi. Mejlisiň ahyrynda taraplar Owganystanyň garaşsyz, bitewi we parahat döwlet bolmagyny we onuň bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini goldadylar. Medeniýet, bilim, sport pudaklarynda hyzmatdaşlyga we Owganystan bilen sebitleýin ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir