Kataryň paýtagty Doha şäherinde ýerleşýän Sheraton Grand Doha Resort & Convention Hotel binasynyň ýüzünde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurduň döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Bu barada Orient habar berýär. Şäheriň kenarýaka zolagynda ýerleşýän bu bäşýyldyzly myhmanhana Kataryň myhmansöýerliginiň alamatlarynyň biri bolup, binanyň ýüzünde peýda bolan türkmen baýdagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Öň, türkmen baýdagynyň şekili dünýäniň iň beýik binasy bolan Burj Halifanyň ýüzünde şöhlelendirilipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir