Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik we britaniýaly Taýson Fýuri agyr agram derejesinde dünýä çempiony diýen ady almak ugrunda göreşmek üçin şertnama baglaşdylar. Bu barada ESPN-niň žurnalisti Maýk Koppinger özüniň X-däki (öňki Twitter) sahypasynda habar berdi. Söweş 2023-nji ýylyň dekabrynda ýa-da 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Saud Arabystanynda bolmaly. Fýuri 28-nji oktýabrda UFC-niň öňki çempiony Fransis Ngannu bilen söweşer. Usik 36 ýaşynda, ol Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA, “super” goşulmasy bilen), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) dünýä çempiony diýen adyna eýe. Professional ýaryşda 21 söweş geçirip, hemmesinde ýeňdi (14 nokaut bilen). 35 ýaşly Fýuri Bütindünýä boksçular geňeşiniň (WBC) dünýä çempiony. Şeýle hem, professional ýaryşda ýeňilmedi - 33 ýeňşi bar (24 nokaut bilen) we 1 gezek deňme-deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir