Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasynyň gurluşygy badalga aldy. Bu barada taslamanyň taslamasynyň operator-kompaniýasy Mitsubishi Estate mälim etdi. Gurluşyk paýtagtyň merkezindäki Tokio demirýol menziliniň ýanynda başlandy. Torch Tower diýlip atlandyryljak binanyň beýikligi, takmynan, 390 metr bolar, gurluşygyň 2028-nji ýylyň martyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, täze bina häzirki rekord eýesinden - Tokioda ýerleşýän 330 metr beýiklikdäki Azabudai Hills binasyndan öňe geçip, ýurtdaky iň beýik bina bolar. Görnüşi we dizaýny boýunça täze gökdirän bina, adyndan belli boşy ýaly, alawa meňzär. Binanyň ýokarky gatlarynyň yşygynyň has ýiti şöhle saçmagyna we alawyň ýalnynyň täsirini döretmegine garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir