Germaniýanyň kansleri Olaf Şols Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň şuňa meňzeş formatda ýene bir duşuşygyny geçirmek barada ylalaşandyklaryny aýtdy. Ol Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň ýolbaşçylarynyň Berline eden saparyny aýratyn bir waka diýip atlandyrdy. "Biz 30 ýyllyk gatnaşygymyza daýanýarys we bu formatda ýene duşuşmak barada ylalaşdyk" - diýip, Şols özüniň X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Duşuşykdan soň kabul edilen bilelikdäki beýannamada “döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge razy bolandyklary we Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kansleriniň indiki duşuşygyny 2024-nji ýylda Merkezi Aziýada geçirmek teklibini makullandyklary nygtalýar”. Germaniýanyň kansleri Olaf Şols anna güni öz edarasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň - Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň baştutanlaryny we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny kabul etdi. Gepleşiklerde sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir