Fransiýanyň ýaşaýjysy EuroMillions umumyýewropa lotereýasynyň nobatdaky oýnunda 130 million ýewro möçberinde baş baýragy utdy. BFMTV teleýaýlymynyň belleýşi ýaly, bu 2023-nji ýylda Fransiýada geçirilen iň uly lotereýa utuşy boldy. Şeýle hem, ol Fransiýada gazanylan iň uly 10 baýragyň biridir. Ýeňijiniň utuşa hukugyny mälim etmegi üçin 60 gün wagty bar. Şol wagtyň içinde utuşa talap bildirilmedik ýagdaýynda 10 million ýewrodan gowrak pul baýragy lotereýanyň aýlawyna gaýtarylar. 2019-njy ýyldaky kanuna görä, has az mukdardaky pullar döwlet girdejisine öwrülmeli. Iň uly jekpot - 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Fransiýanyň Polineziýasynyň ýaşaýjysynyň nesibesinden çykan şowly petek eýesine 220 million ýewro getiripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir