2022/23-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça “Barselonanyň” arassa girdejisi 304 mln ýewro boldy. Bu barada Ispaniýanyň futbol klubunyň resmi saýtynda ýerleşdirilen hasabata salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Hasabata görä, bellenilen döwürde “Barselonanyň” girdejisi 1,259 mlrd ýewro, çykdajysy 1,165 mlrd ýewro boldy. Bellenilişi ýaly, klubuň arassa girdejisi 2021/22-möwsümi bilen deňeşdirilende ýokarlandy. Girdejiniň artmagy netijesinde kluba yzygider ikinji möwsüm umumy bergisini azaltmak başartdy. Ol 2021-nji ýyldaky 680 mln ýewrodan 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli ýagdaýa görä 552 mln ýewro çenli azaldy. “Barselonanyň” 2023/24-möwsümi üçin býujeti barada aýdylanda, klub 859 mln ýewro möçberde girdeji we salgyt töleglerinden öň 11 mln möçberde düşewünt aljakdygyny çaklaýar. Girdejiniň we düşewündiň azalmagy “Kamp Nou” stadionynyň täzelenmegi bilen baglanyşyklydyr, bu sebäpli “Barselona” şäheriň Olimpiýa stadionynda çykyş etmeli bolýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir