Aktýor we režissýor Jonni Depp Wengriýada meşhur suratkeş Amedeo Modilýani barada “Modi” filmini surata düşürip başlady. Onuň filmine Al Paçino hem gatnaşyp, kolleksioneriň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada vesti.ru habar berýär. Mundan başga-da, filmiň aktýor düzümine italiýaly aktrisa Luiza Ranýeri (“Hudaýyň eli”) goşuldy. Deppiň kinolentasynda ol Modilýani tarapyndan suraty çekilen, italýan kafesiniň hojaýyny Rozaliniň keşbini ýerine ýetirer. Suratkeşiň durmuşynda, hakykatdan hem, oňa serhoş wagty sereden, garyp wagty naharlan bir zenan bolupdyr. Baş keşbi 43 ýaşly italiýaly aktýor Rikkardo Skamarço ýerine ýetirer diýip, “Variety” habar berýär. Sýužet boýunça Modilýani polisiýadan gaçýar we döredijilik çökgünligine sezewar bolýar. Şu pursat ol durmuşyny üýtgetjek kolleksioner bilen duşuşýar. Bu Deppiň ikinji režissýorlyk işi. Birinjisi “Batyr” filmi (1997) bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir