EA Sports kompaniýasy FIFA futbol simulýatorynyň ähli seriýalaryny sanly platformalardan aýyrdy. Bu barada “TechRadar” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Oýunlaryň ýitendigine sosial ulgamlary ulanyjylar üns berdiler. 26-njy sentýabrda MauroNL lakamy bilen X sosial ulgamyna giriji FIFA oýunlarynyň Steam, Epic Games Store, PlayStation Store, Microsoft Store we Nintendo eShop ýaly belli sanly dükanlaryň ählisinden aýrylandygyny gördi. Media žurnalistleriniň aýtmagyna görä, futbol simulýatorynyň ähli belli seriýalary – FIFA 14-den başlap FIFA 23-e çenli – satyn almak we ýükläp almak üçin elýeterli däl boldy. FIFA 22 we FIFA 23 seriýalary diňe tölegli EA Play ýazylyşygynyň çäginde saklanyp galdy. Hünärmenler FIFA seriýasynyň oýunlarynyň EA Sports FC oýnunyň 21-nji sentýabrda ir elýeterli bolanyndan soň aýrylandygyny çaklaýarlar. EA Sports bu barada hiç hili teswir bermedi. Ýatlap geçsek, 2022-nji ýylda EA Sports Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) bilen şertnamany ýatyrdy. Indi EA kompaniýasy oýunlary EA Sports FC ady bilen çykarýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir