Abraýly insaýder Min-Çi Ko Apple awtomobiliniň işlenip düzülişi baradaky maglumatlar bilen paýlaşdy. Bu barada Appleinsider neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär. Hünärmeniň aýtmagyna görä, amerikan kompaniýasynda hususy awtomobili döretmek boýunça işler düýbünden togtadyldy diýen ýaly. Insaýder Apple Car taslamasy barada maglumatlary almagy bes edendigini belleýär. Şunuň esasynda hünärmen kompaniýada onuň işlenip düzülişiniň we çykarylyşynyň yza süýşürilen bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýar. Min-Çi Ko ýakyn wagtda Apple işjeňlik görkezmese, onda taslamanyň doňdurylan bolmagynyň mümkindigini hem belleýär. Insaýder işjeňlik diýmek bilen, işläp düzmek bilen baglanyşykly hereketleri, awtomobil biznesine gatnaşýan startaplary we kompaniýalary satyn almaklygy göz öňünde tutýar. Heniz mart aýynda hünärmen amerikan IT ägirdiniň täze inženerleri we menejerleri işe almak üçin Apple Car toparyny işden boşadandygyny habar berdi. 2016-njy ýylda Apple-de awtomobil işinde öňegidişligiň ýokdugy we işgärleri almagyň togtadylandygy bellenildi. Insaýderiň hasabyna görä, korporasiýa bu taslama bilen azyndan 10 ýyl bäri meşgullanýar.