Sony Interactive Entertainment-iň baş müdiri Jim Raýan geljek ýylyň mart aýynda işden gidýändigini mälim etdi. SIE-niň häzirki başlygy ýapon konglomeratynyň golçur kompaniýasyna 1994-nji ýylda goşulypdy. Bu barada habr.com habar berýär. Raýan Beýik Britaniýadaky maşgala durmuşy bilen ABŞ-daky işi utgaşdyrmagyň has kynlaşyp başlandygyny aýtdy. Ol Sony-daky işine kompaniýa tarapyndan ilkinji oýun konsuly – PlayStation-yň çykarylan ýyly başlady. SIE-niň ýolbaşçysy Sony-nyň Ýewropada ornuny giňeltmäge kömek etdi we birnäçe wezipelerde işläp, 2019-njy ýylda kompaniýanyň oýun bölüminiň baş müdiri boldy. Raýanyň ýolbaşçylygynda Sony 2020-nji ýylyň noýabr aýynda PlayStation 5-i çykardy. Gurluş çykarylyp başlanaly bäri kompaniýa COVID-19 pandemiýasy sebäpli ulgam önümçiligi üçin komponentleriň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy, ýöne ahyrynda kompaniýa konsollaryň önümçiligini artdyrmagy we islegi kanagatlandyrmagy başardy. 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Sony bazara 3,3 mln PS5 iberdi, satylan soňky nesil konsullarynyň umumy sany bolsa 41,7 mln birlige ýetdi. 2024-nji ýylyň 1-nji aprelinden SIE-niň baş müdiri wezipesini wagtlaýynça Hiroki Totoki eýelär, ol täze wezipäni Sony Group Corporation-yň baş operasion müdiri we maliýe müdiri wezipeleri bilen utgaşdyrar.