28-nji sentýabrda, penşenbe güni paýtagtymyzyň «Desterhan» toý mekanynda Halkara ýaşulular gününe bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Ýaşulular üçin dabara Aşgabat şäheriniň Ýaşululary we maýyplygy bolan adamlary durmuş taýdan goramak müdirligi tarapyndan gurnaldy. Bu barada ýurdumyzyň Mahabat müdirligi habar berdi. Bu dabaraly çärä A.S.Puşkin adyndaky Rus drama teatrynyň artistleri çagyryldy. Olar dabaranyň dowamynda «Biziň ýaşlygymyzyň aýdymlary» maksatnamasy bilen çykyş edip, weteranlar bilen bilelikde uruş ýyllarynyň aýdymlaryny aýtdylar, goşgy okadylar, tanslary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzyň ähli ýaşuly adamlaryny Halkara ýaşulular güni mynasybetli gutlaýar we olara uzak ömür, jan saglyk we bagtly durmuş arzuw edýär. Halkara ýaşulular güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda yglan edildi. Bu baýramçylyk her ýyl tutuş dünýäde 1-nji oktýabrda bellenilip geçilýär. Türkmenistanda hem 1991-nji ýyldan bäri bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir