Berlin şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri bilen duşuşdy. Bu barada Germaniýanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär. erlinde Belwýu köşgünde geçirilen duşuşyga Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow gatnaşdy. TmCars-yň öň habar berşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa iş saparynyň maksatnamasynda «Merkezi Aziýa ýurtlary + GFR» görnüşinde duşuşygyň geçirilmegi, iki ýurduň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň ösdürilmegi esasynda dürli ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi babatda täze gözýetimleri açýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.