Polşa 2036-njy ýylda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny özünde kabul etmek isleýär. Bu barada respublikanyň prezidenti Anjeý Duda žurnalistlere aýtdy diýip, rsport.ria.ru habar berýär. “Men, Polşanyň Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylygy, Sport we syýahatçylyk ministri we onuň işgärleri, hökümet bilen geçirilen maslahatlaryň netijesi boýunça, biziň islegimiziň we maksadymyzyň 2036-njy ýylda ýurdumyzda tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin göreşip başlamakdygyny aýtmak isleýärin” – diýip, Duda belledi we ýakyn günlerde Halkara komitetiniň başlygy Tomas Baha degişli haty taýýarlajakdygyny sözüniň üstüne goşdy. Duda Polşanyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny guramakda tejribesiniň bardygyny we ýurtda köp sanly döwrebap sport desgalarynyň bardygyny hem-de Polşanyň dürli, şol sanda ýol infrastrukturasyny giňeltmegi dowam etdirýändigini belledi.