Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil öndürijisi islegiň garaşylýandan pesligi sebäpli oktýabr aýynda iki elektromobil modeliniň önümçiligini togtadar we beýleki modelleriň önümçiligini azaldar. Bu barada MarketWatch kompaniýanyň wekiline salgylanyp ýazýar. Hususan-da, 2-nji oktýabrdan 13-nji oktýabr aralygynda Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawodda Volkswagen ID.3 we Cupra Born awtoulaglarynyň önümçiligi togtadylar. Mundan başga-da, ID.3 önümçilik zynjyryny ýapýan Drezdendäki Volkswagen zawody togtadylar we 16-njy oktýabra çenli işlemez. Swikkaudaky kärhanada Audi we Volkswagen brendleri bilen çykarylýan awtoulaglaryň önümçiligi hem iki hepde haýalladylar. “Biz bazar ýagdaýyny göz öňünde tutup, önümçilik meýilnamalaryny üýtgetmeli bolýarys, häzir bazarda näbellilik bar” – diýip, konserniň wekili belleýär. Sentýabr aýynda Volkswagen islegiň pesligi sebäpli Swikkaudaky zawodda 269 işgäriň işden çykaryljakdygyny habar beripdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir