Hotcars portalynyň hünärmenleri J.D.Power we Consumer Reports ýaly dürli analitik kompaniýalarynyň maglumatlaryny ulanyp, ygtybarlylygy, tehniki hyzmaty, çagyryş kampaniýalary baradaky maglumatlary we awtoulag eýeleriniň beren bahalaryny seljerip, Toyota-nyň haýsy modeliniň has ygtybarlydygyny anykladylar. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Netijede, Toyota Venza ýapon markasynyň iň ygtybarly awtomobili boldy. Ýagny, 2012 – 2015-nji ýyllarda çykarylan Venza awtomobilleri sanawda birinji orny eýeledi. Ikinji orunda RAV4 krossoweri, üçünji orunda 2007-nji ýylyň Highlander awtoulagy gelýär. Dördünji orunda 2008-nji ýylyň ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply 4Runner awtoulagy ýerleşdi. Bäşinji orny 2016-njy ýylyň Toyota RAV4-i eýeledi, onuň yzyndan 2021-nji ýylda çykan Land Cruiser we 2022-nji ýylda çykan Corolla Cross gelýär. Iň ygtybarly Toyota modelleriniň onlugyny 2000-nji ýylyň Land Cruiser-i, 2018-nji ýylyň RAV4-i we 2017-nji ýylyň 4Runner-i jemleýär. Soňra Highlander 2018 we Sequoia 2020 ýerleşdi. Toyota Venza – 2008-nji ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyň bazary üçin çykarylýan bäş orunlyk orta göwrümli krossower. Dört ýyldan soň bu model restaýlinge eýe boldy, 2020-nji ýylda bolsa krossoweriň ikinji nesli hödürlendi. Käbir bazarlarda bu model Harrier ady bilen bellidir.