Ýaponiýanyň iň iri Toyota Motor awtoulag öndürijisi Hindistanda üçünji zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär. Awtoulag konserniniň hereket edýän kärhanalary günorta-günbatar Karnataka ştatynda ýerleşýär we ol ýerde üçünji zawody gurmak meýilleşdirilýär. Önümçiliginiň mukdaryny soňlugy bilen 200 müňe çenli artdyrmak mümkinçiligi bolan bu zawod ýylda 120 müň awtoulag öndürer diýip garaşylýar. Täze kärhananyň kömegi bilen Toyota -yň Hindistandaky ýyllyk önümçiligi häzirki 400 müň birlikden 30% artyp biler. Reuters habarlar gullugynyň belleýşi ýaly, Ýapon awtoulag konserniniň Hindistanda alyp barýan işleriniň giňelmegi Ýewropanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bazarlarynyň ösüşiniň haýallamagynyň, şeýle hem Hytaý kompaniýalarynyň ornunyň barha pugtalanýan Günorta-Gündogar Aziýa bazarlarynda bäsdeşligiň güýçlenmeginiň fonunda bolup geçýär.