Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň resmi web sahypasynyň habar bermegine görä, “Al-Nasr” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu professional derejede ýeňlişsiz 1000 oýunda oýnan taryhda ilkinji futbolçy boldy. Bu Aziýanyň Çempionlar ligasynyň toparlaýyn böleginiň 1-nji tapgyrynda, “Al-Nasr”-yň “Persepolis”-i ýeňen oýnunda bolup geçdi. Portugaliýaly futbolçy karýerasynda 776 ýeňiş we 224 deňlik gazandy. Ronaldunyň 2023-nji ýyldan bäri “Al-Nasr”-da oýnaýandygyny ýatladýarys. Hüjümçiniň klub bilen baglaşan şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam eder. Futbolçy bu möwsümde ähli ýaryşlarda sekiz oýna gatnaşyp, dokuz gezek pökgi geçirdi we bäş gezek netijeli pas berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir