Abraýly FourFourTwo neşiri 2000-nji ýyllaryň iň gowy 50 futbolçysynyň sanawyny neşir etdi. Braziliýaly Ronaldinýo birinji ýeri eýeledi. “Hatda oýnuň jygba-jyg pursadynda hem braziliýaly oýunçynyň ernini gulagyna ýetirýän ýylgyryşyny görmek bolýar. Ol özüniň futbol meýdançasyndalygyna begenýär. Şol wagt Ronaldinýo seýilgähdäki çaganyň aladasyz keýpiçaglygy bilen oýnaýar; o ýylgyryşy hemmeler görýär we oňa ýylgyrmak bilen jogap bermezlik mümkin däl " – diýip Ronaldinýo barada gürrüň edýärler. Reýtingiň ilkinji onlugyna: Ronaldinýo, Braziliýa Zinedin Zidan, Fransiýa Kaka, Braziliýa Týerri Anri, Fransiýa Kriştianu Ronaldu, Portugaliýa Xawi, Ispaniýa Ronaldo, Braziliýa Andres Inýesta, Ispaniýa Zlatan Ibragimowiç, Şwesiýa Lionel Messi, Argentina

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir