iPhone 15 Pro-nyň we Pro Max-yň eýeleriniň birnäçesi onlaýn forumlarda enjamlarynyň aşa gyzýandygyndan zeýrenýärler. Bu barada Bloomberg habar berýär. Onuň berýän maglumatlaryna görä, ulanyjylar oýun oýnalýan, telefon jaňlary gelýän we FaceTime wideo jaňlary wagtynda smartfonyň arkasynyň we gapdallarynyň gyzýandygyny belleýärler. Käbir adamlar enjam zarýad berijä birikdirilende meseläniň hasam aýdyň ýüze çykýandygyny nygtaýarlar. 12-nji sentýabrda Amerikanyň Apple kompaniýasy öz smartfonlarynyň täze neslini - iPhone 15 -i hödürledi. Täze smartfonlaryň hataryna degişlilikde 6,1 we 6,7 dýuým ekranly iki model we bäş reňkdäki - goýy çal, ak, açyk ýaşyl, sary we gülgüne smartfonlar girýär. Täze enjamlaryň resmi satuwy 22-nji sentýabrda başlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir