Google kompaniýasy öz eýeçiligindäki e-poçta hyzmaty bolan Gmail-de boljak üýtgeşme barada ulanyjylara habar berip başlady. Bu baradaky habar ulanyjylara iberilýär, şeýle-de Google-yň goldaw we sowal-jogap bölüminiň dürli ýerlerinde peýda boldy. Şeýlelikde, Gmail-iň ýönekeýleşdirilen HTML režimi basym işlemegini bes eder. Diňe 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli elýeterli bolar. Gmail-iň ýönekeý HTML wersiýasynyň brauzerleriň wersiýasy köne bolanda, şeýle hem internet birikmesi pes bolan ýagdaýynda hödürlenýändigini ýatladýarys. Onda standart Gmail-iň käbir aýratynlyklary ýok, şol sanda: söhbetdeşlik; dürs ýazuwy barlamak; gysga düwmeler; aragatnaşyklary goşmak we import etmek; iberijiniň salgysyny saýlamak; formatirlemek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir