Günorta Koreýanyň Hyundai Motor we Kia kompaniýalarynyň amerikan bölümleri hereketlendiriji bölüminde ýangyn töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli takmynan 3,4 million ulagy yzyna çagyrýar. Bu barada ABŞ-nyň Milli awtoulag ýollarynyň hereket howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) iberen habarynda aýdylýar. Gürrüň, Genesis sport kupelerini hem öz içine almak bilen, takmynan, 1,64 million Hyundai awtoulagy we 2010-2017-nji ýyllar aralygynda goýberilen 1,73 million Kia awtoulagy barada gidýär. NHTSA-nyň bellemegine görä, gulplanma garşy tormoz ulgamynda tormoz suwuklygynyň syzmagy gysga utgaşmanyň döremegine sebäp bolup biler, bu bolsa ulag hereketde wagty ýa-da durka ýangyn döremek töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Awtoulag eýelerine awtoulaglaryny ýaşaýyş jaýlaryndan we beýleki binalardan uzakda köçede goýmak maslahat berilýär. Bölümiň beýannamasynda Hyundai-ýa we Kia bu kemçilik bilen baglanyşykly ýüze çykan ýol heläkçiligi, şikeslenme ýa-da ölüm barada hiç hili habar gelip gowuşmady diýilýär. Şol bir wagtyň özünde olar 25 ýangyny bellige aldylar.