CNBC habar gullugynyň berýän habaryna görä, Indoneziýanyň hökümeti sosial torlaryň harytlary we hyzmatlary satmak üçin platforma hökmünde ulanylmagyny gadagan etdiler we elektron söwdany kadalaşdyrmak boýunça ýerli kompaniýalaryň bähbitlerini goramak boýunça işlerini dowam etdirerler. Birnäçe gün öň ýurduň prezidenti Joko Widodo köp dürli, şol sanda daşary ýurt harytlaryny satyn almaga mümkinçilik berýän sosial ulgamlaryň döredýän bäsdeşliginiň Indoneziýadaky mikro, kiçi we orta kärhanalaryň söwdasyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy. Hökümet tarapyndan girizilen bu gadaganlyk elektron söwdada ýöriteleşen ýerli kompaniýalar üçin, şeýle hem, sebitdäki onlaýn söwda pudagynda öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolan Singapuryň Shopee dükany üçin oňyn ösüş bolar diýip, Citi-niň seljerijileri aýdýarlar. Täze çäklendirmeleriň TikTok-a iň agyr zarba urmagyna garaşylýar. Ýurduň platforma auditoriýasy 113 million ulanyjy bolup, Amerikanyň esasy bazaryndan (116,5 million) birneme pesdir. Kompaniýa ýerli kanunlara hormat goýýar we yglan edilen düzgünler kabul edilende TikTok Shop-dan peýdalanýan 6 milliondan gowrak satyjynyň eklenç üpjünçiligine etjek täsiriniň hasaba alynjakdygyna umyt baglaýar diýip, sosial ulgamyň administrasiýasy nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir