Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatolla Zargami öz bölüminiň Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini ýatyrmagyň üstünde işleýändigini mälim etdi. Bu barada Trend habar berýär. Ezatolla Zargami soňky iki ýylda Eýrana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň, koronawirus pandemiýasyndan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 38% köpelendigi barada habar berdi. "Koronawirus pandemiýasyndan soň, Eýranda syýahatçylygyň ösüşi dünýädäki ortaça ösüşden 3 esse ýokary boldy. Ýöne bu san hasabaty biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen deňeşdirilende az. Syýahatçylaryň sanyny hakyky köpeltmäge çalyşýarys” – diýip, Zargami sözüniň üstüni ýetirdi. "Biz goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini ýatyrmagyň üstünde elmydama işleýäris. Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde syýahatçylyk üçin günsaýyn köp mümkinçilikler döredilýär" – diýip, ministr belledi