Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar. German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Başlygy «Сlaas KgaA GmbH» kompaniýasynyň gözegçilik geňeşiniň we paýdarlar komitetiniň Başlygy hanym Katerina Klaas-Mýulhoýzeriň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýarlar. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň maýa goýum babatda özüneçekijiligi hem-de german kompaniýalarynyň sebitde ykdysady taýdan netijeli işlemegi üçin şertleri döretmek meseleleri boýunça pikir alyşýarlar. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň anyk gurallaryny kesgitlemäge, «Merkezi Aziýa + Germaniýa» formatyna gatnaşýan ýurtlaryň milli ykdysadyýetleriniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.