Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, energetika Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr, onuň düzüminde gaz we elektroenergetika pudaklary möhüm orun eýeleýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şunda ýurdumyz gaz çykarmak boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna, köpugurly gaz ulag düzüminiň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär we munuň özi türkmen tebigy gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini üpjün etmäge ýardam berýär. «Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini we şeýle bolmagynda galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Hazar üsti gaz geçirijisini gurmak arkaly Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän üýtgewsiz garaýşyny tassyklaýaryn» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, soňky 15 ýylyň dowamynda köp işleri ýerine ýetirdik, Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. «Ýewropa Komissiýasynyň degişli düzümleri, Ýewropanyň aýry-aýry döwletleri hem-de kompaniýalary bilen iri halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmekde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyrys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir