Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda german kompaniýalaryny Arkadag şäheriniň senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. «Soňky 25 ýylyň dowamynda iň häzirkizaman lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen bejeriş edaralarynyň onlarçasy guruldy, ýokary derejeli hünärmenleriň müňlerçesi ýetişdirildi. Biz bu asylly işde german hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesini peýdalanýarys» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Türkmen halkynyň Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk üçin german tarapyna minnetdarlygymy beýan etdi we türkmen tarapy geljekde hem german kompaniýalary bilen lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligi, derman senagaty, telelukmançylyk usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, öňüni alyş, anyklaýyş hem-de dürli keselleri bejermek ulgamynda german hünärmenleriniň tejribesini peýdalanmak ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny belledi. «Şu ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda biz bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdik. Senagat toplumyny döretmek bu gurluşygyň möhüm ugurlarynyň biri bolmalydyr» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň «ýaşyl» ugurlydygyny hasaba almak bilen, onuň senagat zolagynda lukmançylyk senagatynyň, dermanlaryň, çagalar iýmitiniň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilmegine gönükdirilen birnäçe kärhanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýandygyny nygtady. «Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän german kompaniýalaryny bu toplumy döretmäge gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir