26-njy sentýabrda “Özbegistanda elektrik we gibrid ulaglary hem-de olaryň böleklerini öndürmegi guramak” maýa goýum şertnamasyna gol çekildi. Bu resminama Özbegistanyň Maýa goýum, senagat we söwda ministrligi bilen Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisiniň arasynda gol çekildi diýip, pudagyň metbugat gullugy habar berýär. Ylalaşyk BYD Auto bilen “Uzawtosanoat” paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde elektrik we gibrid awtoulag öndürmek boýunça BYD Uzbekistan Factory bilelikdäki kärhanany döretmegini göz öňünde tutýar. Taslamanyň birinji we ikinji tapgyrlarynda meýilleşdirilýän önümçilik göwrümine görä, ýylda 50 müň awtoulag öndüriler we üçünji tapgyryň tamamlanmagy bilen, bu görkeziji ýylda 300 müň birlige ýeter.