NASA-nyň merkezinde alymlar tas üç ýyl mundan ozal OSIRIS-REx enjamynyň kömegi bilen Bennu asteroidinden alnan topragyň nusgalaryny saklaýan kapsulany açdylar. Kapsula geçen ýekşenbe güni Ýere gondy we ýörite gatnaw bilen NASA-nyň Hýustonda ýerleşýän Jonson adyndaky merkezine eltildi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär. “Ol ýerde tozana meňzeş nähilidir bir gara material görünýär. Biz onuň Bennu asteroidinden alnan materialdygyna umyt edýäris” – diýip, gözlegçiler kapsulanyň gapagyny galdyran wagtlary aýtdylar. Indi kapsulanyň iç ýüzündäki bu “tozan” nusgalary NASA-nyň barlaghanalarynyň birine seljeriş üçin iberiler. Eýýäm şu anna güni bu “tozanyň” asteroidden ýygnalandygyny ýa-da onuň başga bir zatdygyny anyk bilmek bolar diýlip garaşylýar. Ýöne hakyky hazyna heniz kapsuladan çykarmaly bolan TAGSAM nusgalyk alyjy enjamda saklanýar. Hünärmenler munuň iki hepde töweregi wagt aljakdygyny çaklaýarlar. Bennu asteroidinden alnan nusgalaryň 70%-i geljekki barlaglar üçin ýygnalyp goýlar. Galan 30% dünýäniň birnäçe barlaghanalarynyň arasynda paýlanar, bu asteroidden alnan material we onuň himiki düzümi barada ilkinji garaýyşlary çalt almaga mümkinçilik berer. Bu derňew işi nusgalary ýapon enjamy tarapyndan Ýere getirilen başga bir Rýugu asteroidinden alnan materialyň seljermesiniň garaşsyz tassyklamasy bolar. Rýugudan alnan materiallarda organika we witaminler ýüze çykaryldy. Eger alymlar Bennudan alnan materialda hem şol bir zady tapsalar, onda bu Ýerdäki ýaşaýşyň kosmiki gelip çykyşy baradaky teoriýany ep-esli güýçlendirer.