2024-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky oýun Warşawada Milli stadionda geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi. Duşuşyk 14-nji awgustda bolar. UEFA-nyň Superkubogy 1972-nji ýyldan bäri geçirilýär we oňa Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň ýeňiji toparlary gatnaşýar. 2023-nji ýylda Angliýanyň “Mançester Siti” topary 5: 4 hasabynda jerime urgusynda Ispaniýanyň “Sewilýa”-syny ýeňdi (esasy wagt - 1:1). 2024-nji ýylda UEFA-nyň Superkubogy kubogyň 49-njy görnüşi bolar; 1998-nji ýyldan 2012-nji ýyla çenli ýeňiji Monakoda kesgitlenilip gelindi, soň UEFA oýnuň geçiriljek ýerini üýtgetmek kararyna geldi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir