Honda Demirgazyk Amerikada Project Courage atly jemgyýetçilik başlangyjyny işe girizdi. Başlangyjyň çäklerinde sport bölümi tarapyndan hassahananyň dälizlerinde ulanmak üçin ýörite işlenip düzülen Shogo elektrik ulagynyň 60 sanysy çagalar hassahanalaryna iberiler. Çaklaňja elektrikli awtoulaglar hassahanada çagalaryň hereket etmegini ýeňilleşdirer we olaryň dartgynlylygyny peseltmek bilen, umumy keýpini ýokarlandyrar diýip garaşylýar. Elektrikli awtoulag bölekleýin ýönekeýleşdirilen “Honda” ýaryş kart platformasyna esaslanýar - mysal üçin, destiniň dolandyrylyşynyň mehanizmi ondan nusga alýar. Shogo-nyň daşky görnüşi takyk sport ulagyna meňzeýär, ýöne kuzowyna ideg etmek ýeňil bolar ýaly egrelýän ýerleri we gyralary az. Oýnawaçlar ýa-da şahsy zatlar saklanylýan ýeri bar we tapawutlandyryş belgisiniň ýerinde ýaşajyk sürüjiniň ady görkezilip bilner. Honda Shogo 4 ýaşdan 9 ýaş aralygyndaky hassalar üçin niýetlenendir. Iň ýokary tizligi 1-den 5 mil (sagatda 1,6-dan 8 km) çenli sazlanyp bilner. Gaz we tormoz dolandyryşlary destde ýerleşýär. Şeýle hem, yzyna berkidilen tutawajy ulanyp, çaga arabasy ýaly, elektrik awtoulagyny herekete getirip bolýar. Honda Shogo -nyň ilkinji nusgalary hassahanalara eltildi, galanlary güýz möwsüminiň dowamynda gowşurylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir