Galaxyclub portalynyň habaryna görä, Samsung Galaxy A35 smartfony ýazda has amatly Galaxy A15 we has kaşaň Galaxy A55 bilen bilelikde çykar. Portalyň awtorlarynyň berýän maglumatlaryna görä, A35 has gymmat dogany Galaxy A55-däki ýaly 50 MP esasy kamerany alyp biler. Şonuň üçin, sahypanyň redaktorlarynyň garaşyşy ýaly, A35, A34-iň kamerasynyň gowşak tarapynyň tersine, az ýagtylykda has gowy surata düşer. Şeýle hem, A35-iň, özünden öňki ýaly, 13 MP öň kamerany ýene aljakdygy belli boldy. Şeýlelik bilen, selfi barada aýdylanda, 2024-nji ýyldaky täzelenme diňe kämilleşdirilen programma üpjünçiligi bilen çäklener. Däp bolşy ýaly, Galaxy A3x telefony Galaxy A5x -iň ýönekeýleşdirilen görnüşidir. Galaxy A34 indi täze, kämilleşdirilen 50 MP datçige geçse, bu ugurdaky boşlugyň kiçelmegi mümkindir diýip, portalyň awtorlary bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir