Redmi Note 13 Pro seriýasy geçen hepde goýberildi we 26-njy sentýabrda irden satuwa çykaryldy. Ilkinji satuw hasabaty diýseň üstünlikli başlangyjy görkezýär: satylyp başlan ilkinji sagadynda 410 000-den gowrak smartfon ýerlendi diýip, Xiaomi-iň baş direktory Leý Szýunyň sözlerine salgylanýan Gizmochina Redmi toparyny üstünlikleri bilen gutlap ýazýar. Hytaýda Redmi Note 13 Pro-nyň bahalary 1499 ýuandan (205 dollar), Redmi Note 13 Pro+ - 1999 ýuandan (273 dollar) başlaýar we iň ýokary derejeli 16 + 512 GB ýat konfigurasiýaly görnüşiniňki 2299 ýuandan (314 dollar) geçmeýär. Redmi Note 13 Pro we Pro+ modellerinde 1800 nite çenli iň ýokary ýagtylygy bolan 6,67 dýuýmlyk 1.5K OLED ekrany we MIUI 14 bilen Android 13 işleýän 120Hz täzelenme tizligi bar. Pro modeli 16 Gb RAM bilen Snapdragon 7s Gen 2 prosessor we 512 Gb içerki ýat bilen üpjün edilýär. Pro+ bolsa MediaTek Dimensity 7200-Ultra prosessor bilen işleýär, 16 Gb RAM we 512 Gb içerki ýady bar. Iki model hem 200 MP esasy kamera we 16 MP öň kamera aldy we Pro+ modeli suwdan we tozandan (IP68) goşmaça goraglydyr. Pro modelinde 67W çalt zarýadly 5100mAh akkumulýator bar, Pro+ modelinde bolsa 120W çalt zarýadly 5000mAh batareýa bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir