«Microsoft» «Windows» operasion ulgamy döredileninden bäri iň uly täzelenme bolan «Windows 11-i» çykardy. Oňa köp sanly täzelikler girizildi, olaryň esasylarynyň biri hem «Copilot» funksiýasydyr. «Copilot» – bu «Windows» operasion ulgamynda ulanmak üçin uýgunlaşdyrylan «Bing Chat» çat-botydyr. Ol kompýuteriň sazlamalaryny dolandyrmaga, programmalary işe girizmäge ýa-da «Google-a» girmezden soraglara jogap almaga mümkinçilik berýän nusgawy gapdal paneli görnüşinde açylýar. «Copilot» belli bir derejede «Cortana-nyň» ornuny tutýar. Täzelenmede adaty «Paint», «Gaýçy» we «Suratlar» goşundylaryna hem emeli intellekt goşuldy. «Paint-de» «Photoshop-yň» käbir aýratynlyklary peýda boldy. Şeýle hem «Windows 11 23H2-de» RAR we 7-zip faýl arhiwine goldaw girizildi, şonuň üçin WinRAR bolmazdan hem işlemek mümkindir. Bu, elbetde, täzelikleriň doly sanawy däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 7 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir