Financial Times gazetiniň habaryna görä, Ýaponiýanyň Nissan Motor Co. awtoulag öndürijisi 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektrikli däl awtoulaglary satmagy düýbünden bes etmegi maksat edinýär. Mundan başga-da, mundan beýläk sebitde satylmagy meýilleşdirilýän täze awtoulag modelleriniň hemmesi diňe elektrik hereketlendirijisi ýa-da içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bilen utgaşýan elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler. Nissan kompaniýasynyň baş direktory Makoto Uçida: "Indi yza ýol ýok" – diýmek bilen, bu çözgüdiň işiň, müşderileriň bähbidine boljakdygyna we tutuş planeta üçin hem dogry karardygyna kompaniýanyň ynanýandygyny aýtdy. Ondan öň öndüriji elektrikli awtoulaglarynyň we gibridleriň Ýewropadaky satuwdaky paýyny 2027-nji ýylyň aprel aýyna çenli 98% -e çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini mälim edipdi. Bu ýyl awtoulag konserni ekologiýa taýdan arassa awtoulag öndürmek baradaky maksatly görkezijilerini hem artdyrdy: 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň model hatary bu görnüşdäki 19 sany täze awtoulag bilen doldurylmalydyr. Nissan maksadyny elektrikli awtoulag satmaga gönükdiren ýeke-täk awtoulag öndürijisi däl. Şeýlelik bilen, Renault fransuz kompaniýasy, Şwesiýanyň Volvo Car kompaniýasy, şeýle hem Ford Motor we Stellantis-iň Ýewropa bölümleri bu onýyllygyň ahyryna çenli önümleriniň hatarynyň doly elektrikleşdirilmegini gazanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir