Mrwhosetheboss iňlis tehnologiýa bloggeri iPhone-nyň dürli modelleriniň awtonom işleýşiniň synagynyň netijeleri barada YouTube-da wideo ýerleşdirdi. Synaga iň soňky modeller (iPhone 15, 15 Plus, 15 Pro we 15 Pro Max) bilen birlikde ondan öňki modeller (iPhone 14, 14 Pro Max, iPhone 13 Pro Max) hem gatnaşdyryldy. Bloger öz synagy üçin smartfonlary adaty režimde zarýad bermezden ulandy: olarda oýun oýnady, wideo gördi ýa-da kamerasyny ulandy. Enjamyň zarýady doly nola düşenden we gajetiň özi öçenden soň, ol smartfonyň näçe wagt “saklanyp” bilendigine seretdi. iPhone-nyň dürli modelleriniň awtonom işleýşi boýunça reýtingi aşakdaky ýaly boldy: iPhone 15 Plus - 13 sagat 19 minut; iPhone 15 Pro Max - 11 sagat 41 minut; iPhone 13 Pro Max - 11 sagat 19 minut; iPhone 14 Pro Max - 10 sagat 54 minut; iPhone 15 - 9 sagat 57 minut; iPhone 15 Pro - 9 sagat 20 minut; iPhone 14 - 9 sagat 2 minut.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir