Aşgabatda «10 ýyl Abadançylyk» köçesiniň ugrunda «Altyn asyr» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Central Park» restorany eltip berilýän tagamlaryna 50% arzanlaşyk yglan etdi. Indi, menýudaky tagamlary öýde ýa işde oturan ýeriňizden ýarym bahasyna sargyt edip bolýar. «Central Park» restorany maşgala bolup dynç almak, şeýle hem işewür duşuşyklary nahar başynda geçirmek üçin rahat şertleri hem-de datly tagamlaryny hödürleýär. Isleg bildirýänler binanyň 7-nji gatynda açyk howada terrasda oturyp ýa-da 6-njy gatda banket zalynda oturyp bilerler. Bu ýerde dürli dabaralary geçirmek üçin hem mümkinçilikler bar. Şeýle hem karaoke zal müşderileriň hyzmatynda. «Central Park» restoranynyň menýusynda — ýewropa tagamlary, milli tagamlar, ertirlikler, çorbalar, işdäaçarlar, gyzgyn naharlar, pide/pizzalar, kebaplar, steýkler, balyk önümleri, suşi, pasta, tiz tagamlar bar. Şeýle hem restoranyň baş aşpezi awtorlygynda ýörite tagamlary hem hödürleýär. Sagdyn iýmitlenmegi saýlaýanlar üçin bolsa, restoran ýörite Healthy Food (sagdyn iýmit) menýusyny hödürleýär. Bu menýuda datly, şol bir wagtda sagdyn iýmitleriň dürli görnüşleri bar. «Central Park» restoranynyň Play Market-den we AppStore-den ykjam goşundysyny ýükläp, tagamlary onlaýn hem sargyt edip bilersiňiz. Iş wagty 09:00-22:30. Eltip bermek hyzmaty bar. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 64 17-59-59; +993 64 17-81-81. Salgysy: Aşgabat ş., «Altyn asyr» SDAM (Bäşaýak), 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 88 (Moskowskiý).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir