Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow öz topary üçin ilkinji ýeňşi gazandy. Bu barada Orient ýurduň sportuň bu görnüşiniň Federasiýasyna salgylanyp habar berdi. Nurmuhammedow 71 kg çenli agram kategoriýasynda çykyş edýär. Bu kategoriýada medal üçin 23 boksçy göreşýär. Özüniň başlangyç söweşinde ol 2023-nji ýylda Daşkentde geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşan Täjigistandan Dawud Mahkamow bilen duşuşdy. Biziň türgenimiz 5:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýaryşyň indiki tapgyrynda Nurmuhammedow Daşkentdäki dünýä çempionaty – 2023-de dokuzynjy orny eýelän Palestinadan 19 ýaşly Nidal Fokahaa bilen duşuşar. Nurmuhammedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolup, boks boýunça respublikan we halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek çempiony we baýrakçysydyr. Belläp geçsek, XIX tomusky Aziýa oýunlary 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou we ýene bäş şäherinde geçirilip, oňa 45 ýurduň wekilleri gatnaşýar. Aziýa oýunlaryna jemi sportuň 42 görnüşi girizildi. Türkmen türgenleri şolaryň 12-sinde çykyş edýär.