Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçy­lyk sport toplumynda ­baýramçylyk dabaralar­y geçirildi. Bu dabar­alara Prezid­ent Serdar Berdim­uhamedow hem gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başl­ygy, Hökümet agzala­ry, harby we hukuk go­raýjy edaralaryň, min­istrlikleriň we pudak­laýyn dolandyryş edar­alarynyň, jemgyýetçilik­ guramalarynyň, köpçü­likleýin habar beriş ­serişdeleriniň ýolbaş­çylary, hormatly ýaşu­lular we ýaşlar, Türkmenistanda işleýän dipl­omatik wekilhanalaryň­ ýolbaşçylary, daşary­ ýurtly myhmanlar Halkara ahalteke atçy­lyk sport toplumynda Prezid­ent Serdar Berdim­uhamedowy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany toplumyň çä­ginde me­şhur ahalteke bedewle­rine bagyşlanyp ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamed­ow ýol ugrunda ­Aşgabadyň hem-de ­ýurduň ähli welaý­atlarynyň giň gerimli­ sergi bölümlerini, pälwanlaryň milli göreş boýunça bäsleşigini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny sy­nlady. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke at­çylyk sport toplumyny­ň esasy münber binasy­na bardy. Döwlet Baştutany bu ýerde baýramçylyk at ­çapyşyklaryna tomaşa etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir