Şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Çžetsýaň welaýatynyň paýtagty Hançžou şäherinde geçýän XIX tomusky Aziýa oýunlaryna türkmenistanly türgenler bilen bir hatarda eminler-de gatnaşýarlar. Aziadanyň maksatnamasyndaky küşt ýaryşynda halkara derejeli emin Wladimir Annaýew işleýär. Dzýudo ýaryşlarynda bolsa Halkara dzýudo federasiýasynyň iň ýokary «A» derejeli emini Röwşen Amandurdyýew emin boldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär. 17-nji oktýabrda 40 ýaşy dolýan Röwşen Amandurdyýew 2002-nji ýyldan bäri dzýudo ýaryşlaryna eminlik edýär. Ol «B» halkara derejesini 2011-nji ýylda Bangkokda eminler üçin geçirilen maslahatdan soň, «A» derejäni bolsa 2022-nji ýylda Almata şäherinde aldy. Ol ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçen Aziýa çempionatyna we Açyk Ýewropa we Aziýa Kuboklaryna birnäçe gezek eminlik etdi. Uly ýaryşlardan Röwşen Amandurdyýewe 2022-nji ýylda Krakowda (Polşa) weteranlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna, indi bolsa Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlaryna eminlik etmek ynanyldy. Küşt boýunça halkara derejeli emin Wladimir Annaýew hem bu işde öwrenje däl. Hytaýdaky Aziýa oýunlarynda oňa zenanlaryň arasynda «räpid» wagt gözegçiligi düzgünlerine laýyklykda, bäsleşikde birinji tagtadaky oýna eminlik etmek ynanyldy. Belli bir oýna bellenen küşt emininiň wezipesi düşünişmezliklerden gaça durmak üçin oýunçylaryň göçümlerini bellige almakdan, şeýle hem edilen göçümleriň kanunylygyna we sagadyň görkezýän wagtyna gözegçilik etmekden ybaratdyr. Eminiň bu wezipesi «räpid» ýa-da «blits» ýaly düzgünlerde möhüm ähmiýete eýedir. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşyň 5-nji tapgyrynda iki sany meşhur hytaý küştçüsiniň – dört gezek dünýä çempiony, erkekleriň arasynda grossmeýster derejesine eýe (FIDE-niň räpid boýunça reýtingi – 2547) Hou Ifan bilen häzirki dünýä çempiony Çžu Tszineriň (2414) duşuşandygy bellärliklidir. Bu oýunda Çžu Tsziner ýeňiş gazandy we netijede ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň çempiony boldy. Bu ugurda kümüş medal özbegistanly Umida Omonowa (2183), bürünç medal bolsa hytaýly Hou Ifana berildi. Erkekleriň arasynda geçen ýaryşda hytaýly grossmeýster Weý I (2735) birinji boldy. Özbek grossmeýsterleri Nodirbek Abdusattorow (2731) we Jawohir Sindarow (2607) dagy kümüş medal gazandylar. Şu gün Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda nusgawy düzgünli wagt gözegçiligi bolan topar küşt ýaryşy başlanar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir